“Türkmenhowaýollary” uçuşlaryň howpsuzlygy boýunça döwlet inspektorlaryny taýýarlamak hem-de awiasiýa howpsuzlygy boýunça milli gözegçi ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamak işini ýola goýmagy meýilleşdirilýär

10-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň binýadynda Halkara raýat awiasiýasy guramasy (ICAO) we Raýat awiasiýasynyň Ýewropa konferensiýasy (ECAC) tarapyndan bildirilýän talaplara laýyklykda, uçuşlaryň howpsuzlygy boýunça döwlet inspektorlaryny taýýarlamak hem-de awiasiýa howpsuzlygy boýunça milli gözegçi ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamak işini ýola goýmak meýilleşdirilýär. Bu halkara okuwlaryň ýola goýulmagy bilen, diňe türkmen hünärmenlerini däl, eýsem, daşary ýurtly hünärmenleri-de taýýarlamaga mümkinçilik dörediler. Munuň özi bu mekdebiň halkara standartlara laýyk gelýän okuw usulyýetini giňeltmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamakda halkara guramalar bilen ýola goýulýan gatnaşyklary berkitmegiň mundan beýläk-de dowam etdirilmelidigini belledi hem-de Halkara raýat awiasiýasy guramasy we Raýat awiasiýasynyň Ýewropa konferensiýasy tarapyndan okuwlary guramak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Şeýle-de agentligiň ýolbaşçysy ýurdumyzyň demir ýol ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” demir ýol ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, elektrikleşdirmek, dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, hünärmenleri taýýarlamak boýunça işleri hem-de beýleki çäreleri durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, dünýäniň ýük daşamak we ýolagçy gatnatmak, logistika, demir ýollary döwrebaplaşdyrmak ulgamynda ýöriteleşen öňdebaryjy kompaniýalary bilen duşuşyklaryň geçirilendigi habar berildi. Bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde geçirilen Türkmen-german işewürlik maslahatyndaky çykyşynda “Deutsche Bahn Holding” kompaniýasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklipler hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli demir ýol ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň ýola goýulýandygyny belläp, agentligiň ýolbaşçysyna Germaniýanyň degişli kompaniýasy bilen demir ýollar pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

745000, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy ş., Awaza etraby, Aeroport şäherçesi, Türkmenbaşy halkara howa menzili.

Kanselýariýanyň: +993 (243) 3-00-01 (UTC+05:00/09:00-18.00)

Şertnamalar bölümi: +993 (243) 7-26-14 (UTC+05:00/09:00-18.00)

Dispetçerlik gullugy: +993 (243) 3-00-04 (24/7)

AÖDG: +993 (243) 3-03-18 (24/7)8

Baş dispetçer: +993 (243) 3-01-00 (UTC+05:00/09:00-18.00)

Aeroportyň başlygy: +993 (243) 3-00-00 (UTC+05:00/09:00-20.00)