“Raýat howa gämileriniň ýolagçylarynyň goşlaryny, el goşlaryny we özlerini barlagdan geçirmegiň tertibi we Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň howa gämilerinde äkitmeklige gadagan edilen zatlaryň, ýükleriň we maddalaryň ýolagçylaryň elinden alynmagy” baradaky görkezmesiniň esasynda:
- “Raýat howa gämileriniň ýolagçylarynyň, şol sanda ýerli we halkara howa gatnawlarynda üstaşyr gatnaýan ýolagçylaryň goşlaryny, el goşlaryny we özlerini barlagdan geçirmeklik uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýolagçylaryň we ekipažyň agzalarynyň janyny we saglygyny goramak, uçary basyp almak we alyp gaçmak howpunyň we raýat awiasiýasynyň işine bikanun hereketler arkaly zyýan ýetirmekligiň öňüni almak, şeýle hem partlaýjy, zäherli, ýangyn howply, radioaktiw serişdeleriň, ýaraglaryň, ok-därileriň we ýolagçylara gadagan edilen ýükleriň we maddalaryň sanawyndaky beýleki zatlaryň bikanun daşalmagynyň öňüni almak (8973-nji resminama, 10-njy neşir, 2017-nji ýyl) Awiasiýa howpsuzlygy boýunça gollanma) maksady bilen amala aşyrylýar.
Türkmenbaşy halkara howa menziliniň girelgesinde ýolagçylaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin howa menziline gelýänleriň ählisi deslapky barlagdan geçirilýär, bu barlag metal detektorlardan geçmegi, zerur zatlary barlamagy we raýatlaryň özlerini barlmaklygy öz içine alýar. Bu görülýän çäreler howa menziliň binasynda we uçarlarda howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilendir.
Howa menzilinde barlaglar ýörite tehniki gözleg gurallary we wideo gözegçilik ulgamlary bilen enjamlaşdyrylan ýörite otaglarda (barlag nokatlarynda), şeýle hem raýatlaryň özlerini (aýratynlykda) barlamaga niýetlenen otaglaryda geçirilýär.
Ýolagçynyň ýany bilen alyp barýan goşlaryny barlamak şol ýolagçynyň hut özüniň gatnaşmagynda geçirilýär. Goş barlaglary ýolagçylaryň gatnaşmagynda-da we olarsyz hem geçirilip bilner.
Öz ýany bilen alyp barýan goşlarynyň uçuşdan öň gözden geçirilmegine ýolagçynyň garşylyk görkezen halatynda Türkmenistanyň Howa kodeksiniň 72-nji maddasynyň 2-nji bendine laýyklykda ýolagçyny howa gämisinde äkitmek baradaky şertnama ýatyrylýar.
Ýolagçynyň özüniň we onuň öz ýany bilen alyp barýan goşlarynyň uçuşdan öň barlagdan geçirilen wagtynda, ýolagçynyň peteginde (petek elektron görnüşde satyn alynmadyk halatynda) we (ýa-da) uçara münüş talonynda barlag geçirilendigi barada bellik goýulýar we ýolagça uçuşa garaşylýan zolaga geçmäge rugsat berilýär.
Içerki gatnawlaryň ýolagçylaryny we olaryň el goşlaryny barlamak petekler hasaba alnandan soň amala aşyrylýar, halkara gatnawlaryň ýolagçylaryny barlamak – olar gümrük we serhet gullugynyň barlagyndan geçeninden soňra amala aşyrylýar.
Pasport we gümrük barlagy zolagynda surata almak - wideo şekile düşürmek doly gadagan edilýändigini ýadyňyzdan çykarmaň.
745000, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy ş., Awaza etraby, Aeroport şäherçesi, Türkmenbaşy halkara howa menzili.
Kanselýariýanyň: +993 (243) 3-00-01 (UTC+05:00/09:00-18.00)
Şertnamalar bölümi: +993 (243) 7-26-14 (UTC+05:00/09:00-18.00)
Dispetçerlik gullugy: +993 (243) 3-00-04 (24/7)
AÖDG: +993 (243) 3-03-18 (24/7)8
Baş dispetçer: +993 (243) 3-01-00 (UTC+05:00/09:00-18.00)
Aeroportyň başlygy: +993 (243) 3-00-00 (UTC+05:00/09:00-20.00)
E-mail: (krw@turkmenbashiairport.gov.tm\ats.utak@turkmenbashiairport.gov.tm)